Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018.
Учебник по истории для 11 класса на туркменском языке.
Dünýä taryhynyň 1991-nji ýyldan başlanan döwründe dünýäniň sosial-syýasy we ykdysady sistemasynda uly özgerişler bolup geçdi. Bu döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryna güýçli täsir eden faktor ylmy-tehniki rewolýusiýanyň täze basgançagy – kompýuter-habar rewolýusiýasy boldy. Bu rewolýusiýanyň täsirinde ösen döwletlerde siwilizasiýa industrial basgançakdan postindustrial, habar basgançagyna geçip başlady.
Bu derslik şu döwrüň wakalaryny beýan etmek bilen bilelikde, jemgyýetiň ösüşiniň häzirki basgançagyny analiz etmek we özbaşdak durmuşa gadam goýmagyň öňi syrasynda duran Siz okuwçylara özüňiziň durmuş gelejegiňizi belgiläp almak mümkinçiligini berýän bilimleri şekillendirer. Bu bilimler dünýä halklarynyň medeniýetiniň her biri özboluşly täsinligini, gumanizm we watançylyk prinsipleri, raýatlyk jemgyýeti we hukuky döwlet taglymlaryna esaslanan umumynsany gymmatlyklary düşünmäge kömek berer. Jemgyýetiň ösüşiniň möhüm kanunlaryny bilmeklik, ösüşiň özboluşly ýollaryny düşünmäge we öz gelejegi hakyndaky düşünjelere eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, alan bilimleriňiz öňdebaryjy döwletleriň taryhy tejribesini Özbegistanda döredijilikli ulanmaga kömek berýär.
![Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018 Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018](/img/knigi/istoriya/1439/143903.jpg)